Türkmen halkynyň uzak taryhynyň dowamynda taplanan türkmeniň aňy azat we erkin döredijilik ukyplarynyň iň zerurlaryny öz içine alýar. Ol türkmençilik ýörelgelerine ýugrulyp, adamlaryň hereketlerine,iş ýörediş usullaryna kethudalyk we sada-sagdynlyk; ruhy dünýäsine bolsa ynsanperwerlik, kanagatlylyk, şükranalyk çaýýar. Halkyň ruhy-medeni mirasy öz gözbaşyny daş ýazgylaryndan alyp gaýdyp, dünýä belli edebiýat eserlerimiz, çuň many-mazmunly ajaýyp şygyrdyr dessanlary, örän täsirli filosofiki garaýyşlary öz içine alýar. Taryhy döwürleriň üýtgäp durmagyna garamazdan, Hoja Ahmet Ýasawy,Mahmut Zamahşary, Ýunus Emre, Jelaleddin Rumy, Burhaneddin Rabguzy, Horezmi, Ymameddin Nesimi, Baýram han, Jahanşa Hakyky, Döwletmämmet Azady,Magtymguly Pyragy we beýleki akyldarlaryň öňe süren oý-pikirleri adamzadyň paýhasly ýaşaýşynyň ýörelgeleri bolýarlar.
«Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly», «Şasenem-garyp», «Zöhre-Tahyr», «Saýatly-Hemra» eserleri halkyň durmuş filosofiýasynyň gözbaşydyr. «Görogly» şadessany 2016-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä maddy däl medeni mirasynyň dürdäneleriniň sanawyna girizildi. «Görogly» şadessany türkmen dessançylyk sungatynyň nusgawy eseri bolup, onuň asyrlaryň dowamynda ýerine ýetiriliş däpleri nesillerden-nesillere geçip kämilleşýär. Türkmen halkynyň bu ajaýyp eseri mundan beýläk tutuş adamzadyň ruhy gymmatlygyna öwrülip, halkyň ýaşaýyş ýörelgeleriniň bu günki ähmiýetini doly tassyklaýar.
Türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasy örän baý. Onuň düzümine dilden-dile geçýän halk döredijiligi, halkymyzyň däp-dessurlary we urp-adatlary, şol sanda ula bolan hormat, türkmen myhmansöýerligi, senetçilik, halyçylyk, keçe basmak, zergärçilik işi, aýdym-saz, dessançylyk sungatlary, milli binägärlik we çeperçilik däpleri girýärler. Olaryň her biri biziň şu günki durmuşymyz üçin wajyp. Ony biz gadymy türkmen milli tansy bolan küştdepdiniň mysalynda görýäris. Küştdepdi aýdym we tans sungaty 2017-nji ýylyň 4–9-njy dekabrynda Koreýa Respublikasynyň Çrju şäherinde geçen ÝUNESKO-nyň 12-nji mejlisinde Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Halk tansy bolan küştdepdi medeniýetiň aýratyn bölegidir. Ol türkmen halkynyň asylly ýörelgelerini we häzirki zamanyň döredijilik ruhuny sazlaşdyrmagyň mysalydyr.Ýurtda halkyň ruhy-medeni mirasyny ählitaraplaýyn öwrenmek, nesillerden-nesillere geçirmek işine uly üns berilýär.
Maminowa Aýbölek
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 102-nji toparynyň talyby

RU












