Türkmen milli ýaşaýyş jaýy ak öý we gara öý diýen atlary bilen tanalýar, sebäbi türkmenler «göçme ýaşaýyş» medeniýetine eýe bolan halkdyr. Türkmenler,tä XX asyryň 30-njy ýyllaryna çenli şol jaýlarda ýaşapdyrlar. Oňa täze wagty «ak öý», könelişensoň bolsa onuň garalýandygy sebäpli «gara öý» diýipdirler. Ak we gara öýleri çalt düzüp we söküp bolýar. Ol esasy üç bölekdendurýar .Türkmen medeniýetiniň gözbaşynda duran ýaşaýyş jaýy – ak öý we haly. Bularyň ikisi ruhy we maddy dünýäde bir-biri bilen çuň we aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda halkyň durmuşynda olaryň haýsysynyň 6 dört tarapdan uçup barýan guşjagaşlaryň «guş yzy» şekilleri hem orun alýar. Bu umumylaşdyrylan şekil her bir gölüň böleginde alty gezek gaýtalanýar.  Öz gezeginde, bölek hem dört  gezek gaýtalanýar. Gölleriň bölekleriniň şekilleri dört gezek gyýalaýyn gyzyl, ýaşyl, ak, sary reňkler bilen gapma-garşy ýagdaýda gaýtalanýar. Şekil hem-de reňk gaýtalanmasy hereket duýgusyny güýçlendirip nygtaýar.

Gaýtalanmalaryň özboluşlylygy aýtym tegelek görnüşde günüň «doguş-ýaşyş» traýektoriýasy boýunça güýçlenýändigindedir. Gölüň içindäki bu şekili uçup barýan guşlaryň ugrunyň sudurlarynda hem görmek bolýar. Gölüň içindäki sazlaşygy gurnaýan reňkler barada söz açmak hem örän wajypdyr. Olaryň tebigy hadysalara golaýdygy jedelsizdir.Reňkler gadymkylaryň reňki duýuşlarynyň esa synda  dörändir. Gölüň içki merkezine  gyzyl-al we ýaşyl-gök öwüşginler berilýär. Gölüň bölekleri bolsa olara garşydaş – ak we sary reňklerde gör kezilýär.

1.7. Haly önümleriniň görnüşleri, taslama esaslary  we reňk çözgüdi. Öýüň gurluşy, bezegi we dini düşünjeler Türkmen medeniýetiniň gözbaşynda duran ýaşaýyş jaýy – ak öý we  haly. Bularyň ikisi ruhy we maddy dünýäde bir-biri bilen çuň we aýrylmaz  bag lanyşyklydyr. Öý agaçdan we agaç şahalaryndan ýasalýar. Onda 4-6 sany esasy sütün bolýar. «Göçme öý» ýel turanda gozganmaz ýaly her sütüniň ýanynda ýere gazyk kakylyp, ol ýere gowy berkidilýär. Öýüň ululygy esasy sütünler arkaly kesgitlenilýär. Agaç bölekleri ýüpler arkaly biri-birine berkidilýär. Onuň birleşdirilen ýerlerini görünmez ýaly her dürli bezegler bilen bezäpdirler. Tüýnügiň deşiginiň aşagynda gara öýüň merkezinde ot ýakar ýaly ojak üçin  ýer goýulyp, ojagyň daşyny miras daşyndan örüp goýupdyrlar. Oduň tüssesi açyk tüýňükden çykypdyr. Türkmenler miras daşyny ýanlary bilen götermek üçin ýörite daştorba dokapdyrlar. Tüýnügiň merkezindäki deşik giňişligi öýi  ýagtylandyrmak üçin hem ulanylypdyr. Gara öýüň içi sag we çep tarapa bölünip, sag tarapynda erkek kişileriň oturýan ýeri, çep tarapynda bolsa zenanlaryň oturýan ýeri bolupdyr. Zenanlaryň oturýan çep tarapyna öýüň içindäki  goşlar hem ýerleşdirilipdir. Tör öýüň uly ýaşulusyna hem-de gelen myhmana niýetlenipdir.

Öýüň daşyny ýapmak üçin gyşky we ýazky örtükleri bolupdyr. Ýazda örme gamyş bilen daşyny aýlap, ony üç ýerinden berkidipdirler. Örme gamyş tärimiň boýy bilen deň bolupdyr. Ähli pasylda keçäni tüýnüge ýüpler bilen berkidipdirler. Tüýnügiň açyk ýerini gara, goňur reňkdäki «durluk» bilen ýapýarlar. Ony açmak we ýapmak üçin uzyn taýak – «syryk» ulanylypdyr. gymmatly bolandygyny aýtmak kyn. Milli gözellik, ahlak, ruhy we maddy gymmatlyklaryň derejesine ýeten öý üçin haly önümleriniň giden toplumy döredilip, yhlas bilen sünnälenip dokalypdyr. Ümür-duman, öý ýüpi, eňsi, germeç, gapylyk, ojakbaşy, asmalyk ýaly haly önümleri jemgyýetiň däp-durmuş medeniýetinde iň bir gerekli öý bezegleri bolup, olaryň ХХ asyryň birinji çärýegine çenli saklanyp galandygyny, häzir bolsa bu nusgalyklaryň ýurdumyzyň muzeýleriniň gymmatly hazynalary hökmünde saklanýandyklaryny bellemek gerek. Çarwa durmuşynda esasy orny eýeleýän däp türkmen  ýaşaýyş jaýy – ak öý halkyň gadymky mifologik düşünjesi bilen berk baglydyr.Turkmen milli öýleri üç bölekden ybaratdyr. Tärim – aşakda, uk – ortada, tüýnük – ýokarda.  Uk – ýokarky tüýnügi hem-de ýerde duryan tärimi birleşdirýär. Tärimlere türkmenler ganat diyipdirler. Ol 4, 6, 9 bölekden ybarat bolup biler. Uguň iki ujy gaňyrçakly, bir ujy tüýnüge, beýlekisi tärime berkidilýär. Biri-birine berkidilýän ýerleri owadan dokalan ýüpler bilen bezelipdir.

Tüýnük – ýokarda bolup, öýüň tüsse çykarýan bölegi. Tüýnügiň aşagyndan ýere çenli dik geçen nokatda ojak goýulýar. Tomus we gyş günleri ak  öýüň geýimi möwsüme bagly bolýar. Tomusda gamşy palçyk bilen suwaýan ekenler, gyşda bolsa keçe bilen basyrýarlar. Ak öýüň giňişlik ýeri palçyk bilen suwalýar. Ak öýüň bölekleri söwüt agajyndan ýasalýar. Öýüň giňişligi keçe hem-de haly bilen örtülipdir.Tärimiň ýüzüni torbalar, çuwallar bezäpdir. Olara goş hem-de gap-çanak salnypdyr. Egin-eşik salmak üçin çitimli torbalar bolupdyr. Öý – iki mif Hudaýyny göz önünde tutýar. Olar: Asman gümmezi hem-de oňa daýanýan Zemin. Zeminiň özi Ýeriň üstünde gümmezläp duran Asmanyň  görnüşini gaýtalaýar.

Agöýliýewa Ogulgül

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 104-nji toparynyň talyby