Örtük – agyz we burun nemli bardalaryny howa-damjalaýyn ýollar bilen
geçip bilýän ýokançlaryň düşmeginden goraýan ýönekeý serişdedir. Emma,
hakykatdan-da, goranmak üçin örtügi dogry peýdalanmaklyk örän wajypdyr.  
Eýsem, örtük dakynmazdan öň nämelere üns bermeli?
 Elleriňizi sabyn bilen ýuwuň ýa-da ýörite gel bilen arassalaň!
 Örtükde we onuň bagjygynda zeperlenme bardygyny-ýokdugyny
barlaň;
 Zeperlenen/ýyrtylan örtük degişli goragy üpjün edip bilmeýär.
Ýyrtylan ýa-da çyg örtügi dakynmak maslahat berilmeýär;
 Örtügi onuň metal gysyjysyny ýokarlygyna ýerleşdirip geýmeli.
 
Örtügi nädip geýmeli?
 Reňkli tarapyny daşyna ediň!
 Metal gysyjysyny burnuň sudury boýunça egreldiň!
 Örtügiň ýüzüňize mäkäm bolmagy we örtük bilen ýüzüňiziň arasynda
yş bolmazlygy wajypdyr;
 Burnuňyzy we eňegiňizi örtük bilen ýapyň!
 Diňe burnuňyzy ýa-da diňe agzyňyzy ýapmak ýeterlik däldir!
 Gapdallaryndan yş galdyrmazdan, ýüzüňizi mäkäm ýapmaly;
 Syrlaşyp durmaýan örtügi dakynmaly däl!
 Örtük dakynan çagyňyz elleriňiz bilen ýüzüňizi ellemäň;
 Örtügiň öň tarapyny ellemek maslahat berilmeýär!
 Kimdir biri bilen gürleşmek üçin örtügiňizi aýyrmaly däl; dakynan
örtügiňizi ellemejek boluň!
 
Örtügi näçe wagt dakynmaly?
Bir gezeklik örtükleri 2 sagada çenli dakynmak bolýar. Bu wagt aralygy
tamamlanandan soň ol ýuwaş-ýuwaşdan özüniň goraýjylyk häsiýetlerini ýitirip
başlaýar, 4 sagatdan soň bolsa asla howply hem bolup biler, şol sebäpli
örtükleriňizi 2-3 sagatdan ýa-da häli-şindi çalşyp duruň;
Eger örtüge çyg degen bolsa ýa-da haýsydyr bir sebäplere görä zeperlenen
bolsa – şol wagtyň özünde çalşyň!
 

Örtügi nädip aýyrmaly?
Elleriňizi sabyn bilen täzeden ýuwuň ýa-da olary antiseptik bilen arassalaň.
Örtügi diňe halkasyndan ýa-da daňysyndan tutup aýyryň, sebäbi onuň öň tarapy
hut bakteriýalaryň we wiruslaryň ýygnanýan ýeridir.
 
Örtügi ulanyp bolanyňyzdan soň näme etmeli?
Ulanylan örtügi açyk elýeter ýerde goýmaly däl;
Ony şol durşuna bedräniň içine atmaly däl, ilki bilen polietilen pakete salmaly
we mäkäm ýapmaly. Mundan soňra ýene bir ýola elleriňizi ýuwmaly ýa-da
arassalamaly!
 
Lukmançylyk örtüklerini ýuwmak bolýarmy?
Bir gezeklik lukmançylyk örtükleri, sözüň doly manysynda, bir gezeklikdir.
Olary ýuwmak, arassalamak ýa-da ýelejiretmek düýbünden bolýan däldir. Olar öz
goraýjylyk häsiýetlerini gutarnykly ýitirýärler we keselleriň ojagyna öwrülýärler;
Örtügi ikinji ýola ulanmak gerek däl!
 
Örtük nähili bolmaly?
Örtükler bir gezeklik hem, köp gezeklik hem bolup biler, emma olar hökmany
suratda gigiýena taýdan arassa we bolmaly we rahat dem almaklyga mümkinçilik
bermeli. Netijelilige kowalaşmak bilen gatlarynyň sanyny çenden aşa artdyrmaň,
bu dem almaklygyňyzy kynlaşdyrar. Gündelik ulanyş üçin köp gezeklik
zyýansyzlandyrylmadyk örtükler hem ýeterlikdir.
 
Ölçegleri we materialy
Köp gezeklik mata örtükleri, nemli bardalara wirusyň düşmeginiň öňüni
almak üçin, agzyňyzy we burnuňyzy doly ýapmalydyr. Köp gezeklik örtükleriň
pagta, kendir ýaly tebigy materiallardan taýýarlananlaryny saýlaň, tebigy mata
howany goýberýär we kadaly dem almaklyga mümkinçilik berýär, sintetiki
materiallaryň astynda bolsa parnik effekti, ýagny bakteriýalaryň köpelmegi üçin
juda amatly şert döreýär.

 
Matadan taýýarlanan örtükleri nähili ýagdaýda dogry dakynmaly?
Mata örtükleri köp gezeklikdir, şol sebäpli olary, dermanhanalardaky bir
gezeklik örtüklerden tapawutlylykda, ýuwmak bolýar hat-da ýuwmak gerek hem.
Olary kir ýuwulýan maşyna atyp hem bilersiňiz, ýa-da bolmasa elde gyzgyn suwa
sabynlap hem ýuwup bolar. Mundan soňra bug bilen arassalamak we ütüklemek,
indiki gezek peýdalanmak üçin gowy edip guratmak zerur.
Örtügi ýüzüňize geýmegiňizden öňürti eliňizi ýuwuň we arassalaň. Onuň diňe
“gulajyklaryndan” tutuň, ýüzüňize dakylgy wagty ellemäň we her 2-4 sagatdan
yzygiderli çalşyp duruň. Ulanylan örtükleri aýratyn pakete salyň, şeýle hem onuň
daş ýüzündäki bakteriýalar we wiruslar beýleki zatlara galtaşmaz ýaly, olary
aýratyn ýuwuň.
 
Örtük ýeterlikmi?
Ýatda saklaň, örtük – “böwet” görnüşli gorag serişdesidir. Örtügiň wezipesi –
üsgürilende, asgyrylanda döreýän, şeýle hem wiruslaryň bolup biläýjek çyg
damjalaryny saklamakdyr.
WAJYP! Örtükler diňe öňüni alyş çäreleriniň beýleki usullary
(aragatnaşyklardan gaça durmak, elleriňi häli-şindi ýuwmaklyk, predmetleri
arassalamaklyk) bilen utgaşdyrylan  ýagdaýynda netijelidir.
Elleriňizi yzygiderli ýuwmaklygy we antiseptiki serişdeleri peýdalanmaklygy
ýatdan çykarmaň. Adamlaryň üýşýän ýerinden gaça duruň we 1,5-2 metr howpsuz
aralygy saklaň!