19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine paýtagtymyzyň çäginden sentýabr aýynyň başlarynda ýüze çykarylan arheologik tapyndylary tabşyrmak dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Täze arheologik tapyndylaryň muzeýe tabşyrylmagy mynasybetli, şol gün bu ýerde «Bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyzy muzeýleşdirmegiň tejribesi» atly maslahat hem geçirildi. Maslahata Ahal welaýatynyň Gökdepe milli muzeýiniň hem-de ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndaky Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň wekilleri-de onlaýn usulda gatnaşmaga mümkinçilik tapdylar.
Ine, «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ilkinji güýz günlerinde paýtagtymyzyň çäginden tapylan arheologiki tapyndylar hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramyna barýan günlerimizde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gymmatlyklar hazynasyndan orun aldy. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabyny halkymyza peşgeş bermeginiň yzysüre gelip gowşan bu gymmatlyklar muzeýiň işgärleri üçin ikinji bir ajaýyp toý sowgady boldy.
Häzirki wagtda paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň gurluşyk işleri güýçli depginler bilen dowam edýär. Şu ýylyň 2-nji sentýabrynda bolsa Aşgabadyň Taslama köçesiniň gündogar tarapynda ýer gurluşyk işleriniň amala aşyrylýan mahaly, üç metre barabar bolan çuňlukdan gadymy döwre degişli küýzegärçilik önümleriniň üstünden barylýar. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan arheologiki tapyndylaryň ýüze çykarylan ýeri töwerekleýin barlanylýar. Barlaglaryň netijesinde, ýeriň ýüzüniň häzirki derejesinden iki metr aşakda hatara duran üç sany keramiki humuň bardygy anyklanylýar hem-de olar arheologik usulda gazylyp alynýar. Türkmen hünärmenleri tarapyndan geçirilen ilkinji barlaglaryň netijelerine görä, bu tapyndylaryň gadymy Parfiýa döwletiniň döwrüne (biziň eýýamymyzdan öňki III – biziň eýýamymyzyň III asyrlary) degişlidigi anyklanylýar.
Ýüze çykarylan humlaryň beýikligi 1 metre, diametri bolsa 60 santimetre barabar. Agzynyň giň, düýbüniň çala güberçek bolmagy, ýumurtga şekilinde ýasalandygy, erňeginiň gyrasynyň bolsa daş tarapyna biraz galňadylandygy olaryň daşky keşbinde Parfiýa döwrüniň humlaryna mahsus bolan ähli alamatlaryň jemlenendigini görkezýär. Bular barada 11-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimize hasabat berildi. Şonda milli Liderimiz: «Biz taryhymyzy düýpli öwrenmelidiris, oňa sarpa goýmalydyrys, taryhy hakydany aýawly saklamalydyrys, ata-babalarymyzyň ösüp gelýän nesli terbiýelemekde ygtybarly ýol görkeziji bolan gymmatly mirasyny artdyrmalydyrys» diýip nygtady.
Eýlenen toýun palçykdan ýasalan bu arheologik tapyndylar ýörite kürelerde bişirilipdir. Hum diýlip atlandyrylan şular ýaly keramiki gaplar, esasan, azyk önümlerini (bugdaý, arpa, şaly, ösümlik ýagy) saklamak üçin niýetlenilipdir. Olar azyk önümleri saklanylýan ýörite ammarlarda ýere gömlüp goýlupdyr. Azyklyk önümlerden doldurylan humlaryň agzy daşdan ýa-da keramikadan ýasalan tegelek, uly gapaklar bilen ýapylypdyr. Gadymy döwürlerden bäri ulanylyp gelnen bu usul azyk önümleriniň uzak wagtlap zaýalanman saklanmagyna mümkinçilik beripdir.
Alymlaryň kesgitlemegine görä, humlaryň ýüze çykarylan ýeri gadymy Parfiýa döwletiniň ilkinji paýtagty bolan Nusaý şäheriniň töweregindäki köp sanly mülkleriň biriniň ýerleşen çägine girýär. Ýaşamak üçin ähli amatly şertler döredilen, ak mermere beslenen ajaýyp şäher hökmünde dünýä ýüzünde meşhur Aşgabadyň çäginden şular ýaly arheologik tapyndylaryň ýüze çykarylmagy onuň müňýyllyklardan gözbaş alýan baý hem şöhratly taryhy barada täze maglumatlary bilmäge mümkinçilik berýär. Gadymy türkmen topragynyň islendik künjeginiň hem taryhyň dürli gatlaklarynyň yzlaryny, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň durmuşyndan, dünýägaraýşyndan söhbet açýan, binalaryň galyndylaryna, daşlara, şekillere, haly göllerine öwrülen, ýazgylara siňen maglumatlary, maddy we ruhy gymmatlyklary öz goýnunda saklap ýatandygyna asla şek-şübhe ýok. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň goralmagyny üpjün etmegiň meseleleri hakynda” Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň çäginde ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryny ylalaşmagyň Tertibine» laýyklykda, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi hem-de onuň garamagyndaky Taryhy-medeni döwlet goraghanalary tarapyndan degişli ýer böleklerinde seljeriş işleri yzygiderli alnyp barylýar. Şu ýylyň başyndan bäri geçen döwürde bolsa ýurdumyzyň ähli künjekleri boýunça iki müňden gowrak ýer böleklerinde seljeriş işleri geçirildi. Täze tapyndylaryň Döwlet muzeýine tabşyrylmagy mynasybetli guralan dabarada hem-de onuň yzysüre geçirilen maslahatda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenler muzeý gymmatlyklarynyň üstüni ýetiren täze arheologik tapyndylaryň aýratynlyklary barada-da belläp, türkmeniň baý hem şöhratly taryhyny öwrenmek we dünýä ýaýmak üçin şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hoşallyklaryny bildirdiler. Döwlet muzeýinde geçirilen bu möhüm ähmiýetli çäreleriň dowamynda olara gatnaşyjylar ýörite gurnalan monitorlarda täze tapyndylaryň arheologlar tarapyndan gazylyp alynýan pursatlarynyň wideoşekillerini hem synladylar. Olar muzeýiň sergi zallaryna-da aýlanyp gördüler.