Bu günki günde grafenden başga-da, köp öwrenilýän elementleriň biri hökmünde ruslaryň mineral perowskitini hem bellemek gerek. Bu material aýratyn hem Gün energetikasynda özüniň ýokary hilini ýüze çykarýar. ABŞ-nyň alymlary onuň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, gyzgynlyk derejesine baglylykda reňkleri üýtgeýän, elektrik çeşmesi bolup hyzmat etjek aýnalary oýlap tapdylar. Islendik bir giňişligi howanyň yssy wagty sowatmakda bu aýnalaryň hyzmaty örän uly bolar. Bu aýnalar öz gezeginde Gün energiýasyndan peýdalanmaklygyň täze ugrudyr.
ABŞ-nyň Energetika ministrligine degişli bolan Energiýa çeşmelerini gaýtadan dikeltmegiň döwlet laboratoriýasynyň (NREL) alymlary iki sany adaty aýnadan ybarat bolan, olaryň aralygynda bolsa perowskitiň inçe plýonkasy ýerleşdirilen aýna sendwiçi hödürlediler. Şeýle hem aýna bilen plýonka aralykda gyzgynlyk täsirini geçirýän suwuklyga orun berilýär.
Umuman, perowskitden ýasalan plýonka garalanda elektrik toguny emele getirip başlaýar. Ol otagy Gün şöhlesinden goramak bilen birlikde elektrik enjamlaryny tok bilen üpjün etmekde hem amatlydyr.
Alymlar bu hameleon aýnalaryň prototipiniň bir ýylyň dowamynda taýýarlanjakdygyny belleýärler. Bu oýlap tapyş baradaky maglumatlary Nature Communications neşirinden dolulygyna okap bolýar.