Islendik daşary ýurt dilini bilmek diňe bir şol dilde gepleşýänler bilen düşünişmäge mümkinçilik döretmän, eýsem, täze bir medeniýeti hem öwredýär. Sebäbi “Dil öwrenilmeýär, medeniýet öwrenilýär” diýlen jümle bar. Bu hakykatdan hem şeýle. Islendik milletiň dili öwrenilende şol milletiň däp-dessurlary, aşhanasy, ýurdunyň tebigaty hem öwrenilýär. Elbetde, bir dili suwara derejede öwrenmek aňsat däl. Emma dil öwrenmegiň has aňsat ýollary bilinse, ol sizi ýadatmaz. Bu gezekki makalamyzda şolar hakda birnäçe maslahatlary bermegi makul bildik.

30-dan gowrak dil bilýän adam, poliglot Riçard Simkot: “Dil öwrenmekde iň esasy zadyň özüňiz üçin amatly usuly tapmak we yzygiderlilikdir” diýip belleýär. Şeýle hem Simkot her hili ýagdaýda hem ruhdan düşmeli däldigine ünsi çekýär. Her kim bir maksat bilen dil öwrenmek isleýär: kimsi bir ýurda gitmek üçin, kimsi iş üçin, kimsi şol dili gowy görýändigi üçin.

• Ilkibaşda haýsy dili näme maksat bilen öwrenmek isleýändigiňizi kesgitläň. Soňra şol dilde iň köp ulanylýan 100 sözi ýat tutup, sözlem içinde ulanmagy öwreniň.

• Dil öwrenmegiň täsirli usullarynyň biri surat hem-de ses arkaly öwrenmek hasaplanýar. Munuň üçin häzirki wagtda giňden peýdalanylýan smartfonlardyr planşetler arkaly degişli programmalary ýükläp, şolardan peýdalanyp bilersiňiz. Bu programmalar sözleriň aýdylyşyny hem öwredýär.

• Täze öwrenýän diliňiz durmuşyňyzyň bir bölegine öwrülse, ol has çalt özleşdiriler. Mysal üçin, ýolda barýarkaňyz, awtoulagda ýa-da jemgyýetçilik ulagynda şol dildäki audio tekstleri ýa-da audio kitaplary diňläp bilersiňiz. Şeýle hem ýörite dil öwretmäge niýetlenen gepleşikleriň hem ýazgylaryndan peýdalanyp bilersiňiz.

• Öý goşlaryňyzyň ählisiniň adyny ýörite ýapyşýan kagyz böleklerine ýazyp, olaryň üstüne ýapyşdyryň. Ýeri gelende bellesek, bu usuly çagalaryňyzyň dil derslerinde hem ulanyp bilersiňiz.

• Ýatmazdan öň, günüň dowamynda öwrenen sözleriňizi we söz düzümlerini gaýtalaň. Bellik depderi tutup, oňa täze öwrenen sözleriňizi, öwrenmek isleýän sözleriňizi wesözlemleriňizi ýazyň.

• Öwrenýän diliňize degişli filmlere tomaşa etmek dil öwrenmegi aňsatlaşdyrar. Filme tomaşa edýän mahalyňyz öwrenen sözleriňize gabat gelseňiz, olary bellik ediň! Şeýle hem öz gyzyklanýan zadyňyz bilen bagly kitaplary okamak ýa-da filme tomaşa etmek hem dil öwrenmegiňizi ýeňilleşdirýär. Mysal üçin, aşpezligi halaýan bolsaňyz, şol dildäki aşpezlik gepleşiklerine tomaşa ediň ýa-da şol dildäki aşpezlik baradaky kitaplary alyp okaň! Mümkin bolsa, şol dildäki biri bilen gürleşip görüň!

• Öwrenýän daşary ýurt diliňizde gepleşilýän ýurda syýahat gitmek, ony gündelik durmuşda ulanmaga we näderejede öwrenendigiňizi barlamaga ýardam eder.

Dil öwrenmegiň yzygiderlilik talap edýändigini we muny ýadamazdan öwrenmegiň özüňize baglydygyny unutmaň!

Altyn ROZYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä  dilleri institutynyň 

 Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň  Türkmen dili kafedrasynyň  uly mugallymy.