"Hubble" kosmos teleskopy, Ýerden takmynan 275 million ýagtylyk ýyly
aralygyndaky, Kit ýyldyzlar toplumyndaky IC 1623 galaktikalarynyň
çaknyşmagyny jikme-jik görkezdi.
Astronomlaryň pikiriçe, iki galaktika birleşmegiň soňky tapgyrynda
ýerleşýär. Alymlar bu "kosmiki heläkçilikden" köp mukdarda gazyň emele
gelmegi, çaknyşyk netijesinde emele gelen ykjam galaktikada ýyldyzlaryň
döremegine sebäp bolar diýip çaklaýarlar.
"Hubble" IC 1623,2008-nji ýylda surata düşürmegi başarypdy. Bu gezekki
galaktikanyň suraty has açyk we jikme-jik. Suratda inženerler infragyzyl we
ultramelewşe tolkun uzynlyklaryny iň ýokary derejede öz içine alýan sekiz
filtirdan peýdalanyp alnan maglumatlary birleşdirdiler.
Galaktikalaryň çaknyşygy suratda görkezildi
