Alýaskanyň Ankorij şäherinde Costco supermarketiniň duralgasynda işleýän
adaty bolmadyk jenaýat topary peýda boldy. Bu jenaýatçylar mekir we hilegär, iň
esasysy hem, olary garga bolany üçin jogapkärçilige çekip bolmaýar.
Ýerli Anchorage Daily News žurnalynyň habaryna görä, bu gara gargalar
sürüsi öň hem supermarketiň golaýynda, şular ýaly hilegärçilik edipdirler,ýöne şu
ýazda müşderiler guşlardan yzygiderli arz edip başlapdyrlar. Ganatly jenaýatçylar,
utanmazdan, adamlaryň satyn alan zatlaryny awtoulaglaryna ýükleýän
pursatlarynda torbalaryň içindenalyp,uçyp gaçýarlar.
Mart aýynyň ahyrynda bir süri garga-ogrylaryň hekaýasy sosial ulgamlarda
we metbugatda, ganatly jenaýatçylaryň Matt Lewallen atly ýerli ýaşaýjynyň
torbasyndan bir uly bölek eti alyp, beýlekisini bolsa çokup gaçandan soň,
guşlardan, tebigaty goraýjylara şikaýat edeninden soň,giňden ara alnyp
maslahatlaşylyp başlandy.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri ABŞ-daky supermarket duralgasynda bir topar garga sürüsi müşderileri talaýar
ABŞ-daky supermarket duralgasynda bir topar garga sürüsi müşderileri talaýar
