Türkmenistanda milli ykdysadyýeti innowasion ösüş ýoluna geçirmek işini çaltlandyrmaga, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy, elektron resminamalar dolanyşygyny giňden ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzyň bu ugurdaky kanunçylyk binýady hem kämilleşdirilýär.

Bilim ulgamyny ösdürmegi düzgünleşdirmek, bilim işgärleriniň hukuklaryny goramak üçin birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalar kabul edildi we öňki hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Birnäçe ýyldan bäri umumy we ýokary bilim berýän edaralarymyzda birnäçe daşary ýurt dilleri okadylyp, tejribeli, öz işine ezber hünärmenler kemala gelýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda rus, iňlis, ýapon, hytaý, ispan, koreý, arap, pars, nemes we fransuz dilleri uly höwes bilen öwrenilýär. Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen daşary ýurt döwletleriniň dil öwrenmeklige ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideoleksiýalar we wideokonferensiýalar yzygiderli gurnalýar. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň ýerine ýetirilişine öz goşandyny goşýan birnäçe dil merkezleri açylyp ulanylmaga berilýär.

Häzirki wagtda döwrüň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek babatda baý tejribeler toplandy. Ýurdumyzda geljekki ýaş nesliň ýokary derejede bilim almaklary, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmekleri, öz saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, üçin giň mümkinçilikler döredildi. Öňdebaryjy halkara tejribe bilen bir hatarda milli ýörelgeler esasynda ylym-bilim ulgamy hem dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär.

   Surаýа ÖWЕZOWА

  Daşoguz şäheriniň 34-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi