Ol harytlary çagalar keselhanasyna bagyşlady. Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynyň Buffalo şäheriniň ýaşaýjysy, eltip bermek hyzmatlar gullugynyň
ýalňyşlygynyň pidasy boldy. Ýaşaýjynyň gapysynyň öňi, onuň sargyt etmedik
ýüzlerçe gutulary bilen doldy.
Ilkinji sargytlar Jillian Kennana 5-nji iýunda gelip başlady. Gutularyň içine
seredip, aýal ählisiniň içindäkileriň birmeňzeşdigini – gorag maskalary üçin silikon
karkaslaryň bardygyny gördi.
Sargytlar dürli – Amazon, UPS we ABŞ-nyň poçta gullugy hyzmatlary
tarapyndan getirilýärdi. Şol bir wagtyň özünde gutularda ne iberijiniň ady, ne-de
yzyna gaýdyp gitjek salgysy görkezilmedi. Kennan bu ýalňyşlygyň sebäbini
bilmek üçin her gün eltip bermek hyzmatlary gullugynyň işgärleri bilen
habarlaşýardy, günäkärleri tapmak üçin ştrih-kodlary we bukjalary gözden
geçirýärdi, ýöne olaryň hiç biri netije bermedi. Bu waka bilen žurnalistleriň
gyzyklanyp başlamagyndan soň, hyzmatlar gullugy karkaslaryň iberilmegini
togtatmaga razy boldular.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Eltip bermek hyzmatlary gullugy ABŞ-ly ýaşaýjynyň öýüni ýalňyşlyk bilen harytdan doldurdy
Eltip bermek hyzmatlary gullugy ABŞ-ly ýaşaýjynyň öýüni ýalňyşlyk bilen harytdan doldurdy
