Huawei smartfonlarynyň we planşetleriniň ilkinji 17 modeli tomus aýynyň
ahyryna çenli Hytaýyň täze operasiýa ulgamyny alar. Bu barada HuaweiCentral
portaly tarapyndan habar berilýär.
HarmonyOS 2.0 açyk beta-barlagy, iýul aýyndan Huawei Mate 20, Nova 6-7,
MatePad 10.8 planşetleri we beýleki modeller üçin elýeterli bolar.
Täze operasiýa ulgamynyň poçta sanawy hazirlikçe hytaýly ulanyjylar üçin
elýeterli bolar, HarmonyOS 2.0 -iň global önümçilige göýberilmesi we beýleki
ýurtlarda elýeterli boljak möhleti barada maglumat ýok.
Huawei hususy Harmony OS 2.0 operasiýa ulgamy 2020-nji ýylda
hödürlenipdi we Android-yň alternatiwasynyň doly ýerleşdirilmegi bolsa 2021-nji
ýylyň tomsunda yglan edildi. Hytaý kompaniýasynyň meýilnamalaryna görä, OS
diňe bir smartfonlar üçin däl, eýsem her dürli akylly enjamlar üçin
hemmetaraplaýyn programma üpjünçiligine öwrüler.

Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetinin

Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam