Amerikan alymlary gaýnadylan ýa-da gowrulan ýeralma iýmegiň gan
basyşyny peseldýändigini we gipertoniýanyň öňüni almaga kömek edýändigini
anykladylar. Gözlegiň netijeleri Nutrients žurnalynda çap edildi.
Günbatar ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň iýmitindäki kaliýnyň esasy çeşmesi-
ýer almadyr. Perdýu uniwersitetiniň gözlegçileri, gan basyşyna we ýürek-damar
keseli üçin beýleki töwekgelçilikli faktorlaryna, kaliý goşulmasynyň täsirini
gözden geçirdiler.
Kliniki synaglara gipertoniýa ýa-da gipertenziýa diagnozy bolan 30 sany
erkek we aýal gatnaşdy. Synagyň netijeleri,ýer almany öz içine almaýan, adaty
Amerikan dietasyny iýen, gözegçilik topary bilen deňeşdirilende, gowrulan ýa-da
gaýnadylan ýeralmany iýenleriň sistolik gan basyşynyň pes bolandygyny görkezdi.
Ýeralmanyň peýdaly täsiri, bedende natriniň saklanmagyny azaldýandygyna
esaslanýar we alymlar bu ugurda kaliý bolan iýmit goşundylaryndan,ýeralmanyň
has gowy işleýändigini anykladylar.
Alymlar ýeralmanyň saglyga peýdalydygyny subut etdiler
