Ispaniýanyň milli futbol ýygyndysynda oýnaýan dünýä çempiony Serhio
Ramos, Madridiň"Real" toparyndan gitmezden ozal, toparyň üç oýunçysyna kärini
Fransiýanyň "Pari Sen-Žermen" toparynda dowam etdirjekdigini aýtdy -diýip
Cadena COPE habar berýär.
"Real" 16-njy iýunda Ramosyň topardan gidýändigini habar berdi. 35 ýaşly
goragçy 2005-nji ýyldan bäri" Korol klubynda" oýnap, 2015-nji ýyldan bäri bolsa
toparyň kapitany bolup gelýärdi. "Real"-yň düzüminde Ramos dört gezek
Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy, bäş gezek Ispaniýanyň çempiony, iki gezek
Ispaniýanyň kubogyny we dört gezek klub dünýä çempionatynda ýeňiji boldy.
Ramos bilen "PSŽ"-den başga" Mançester Siti", "Mançester Ýunaýted",
"Çelsi" we "Milan" toparlary gyzyklandy.