Polşanyň Melno dynç alyş şäherçesinde dynç alýan syýahatçylar,ýerli kenara
gelen ýekegapan sürüsini surata düşürdiler.
13 sany ýekegapan kenaryň gyrasyndan seresaplylyk bilen ylgap
geçdiler,jahankeşdeler bolsa olara haýran galmak bilen tomaşa etdiler.
Ýabany tebigat fondunyň hünärmenleri, ýekegapanlary, kenarda
syýahatçylaryň goýup gidýän iýmit galyndylary özüne çekýär diýip, gürrüň
berýärler. Eger-de ýekegapanlar öz çagalaryna howp abanýandygyny duýsalar,
adamlaryň üstüne topulyp bilýärler. Şoňa göräde, kenarda dynç alýanlar özlerini
asuda alyp bardylar we ýabany ýekegapanlary küşgürtmediler.
Ýekegapan sürüsi Baltika deňziniň kenaryna dynç almana geldiler

RU












