2021-nji ýylyň 2-3-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň paýtagty London
şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan
«Türkmenistanyň maýa goýumy we ösüşi» atly halkara forumy geçiriler. Bu
möhüm halkara forumyň guramaçy hökmünde «Nielsonsmith» kompaniýasy
çykyş edýär.
Foruma gatnaşyjylar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň alty esasy pudagynda –
nebit-gaz, senagat, telekommunikasiýa, himiýa, energetika we gurluşyk
pudagynda täjirçilik mümkinçilikleri barada doly maglumat alarlar hem-de täze
hyzmatdaşlygy ýola goýmak, Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýmak
mümkinçilikleri babatda özara pikir alyşmaga mümkinçilik alarlar.
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.