Bir döwürler, ABŞ-nyň häzirki wagtdaky nyşanlarynyň birine öwrülen
ýadygärligi gurnamak üçin hiç hili mümkinçilik bolmandyr. Onuň üçin gerek
bolan serişdeleri ýygnamak işleri Fransiýada we Amerikada ýola goýuldy, ýöne ol
işler haýal ýöreýärdi. Şol sebäpden Ýewropadan gelmeli sowgat meýilleşdirilen
senesinden on ýyl soň, 1886-njy ýylda iberildi. Heýkeli sökülen bölekler görnüşde,
ummanyň üsti bilen aşyrdylar: 300 sany bölekleri 214 guta gapladylar.
Azatlyk heýkeli 879 ölçegli aýakgap geýýär , bil ýogynlygy – 11 metre ýetýär.
Myş-myşlara görä, "Dünýäni şöhlelendirýän azatlyk" (bu heýkeliň resmi ady)
heýkeliniň awtory heýkeltaraş Frederik Ogýust Bartoldi heýkeliň ýüz keşbini
ejesine, beden gurluşyny bolsa söýgülisiniň keşbine meňzedipdir.
Bu taslama Gustaw Eýfel hem gatnaşdy: meşhur diňiň döredijisi, heýkeliň
ygtybarly göteriji konstruksiýasyny işläp düzdi.Emma heýkeliň daşky materialynu
gowy saýlap bilmediler: heýkeliň ilki başdaky hakyky gyzylymtyl-goňur reňki 20
ýyl saklanyp bilipdir. Soňra heýkeliň daşky örtügi poslady we heýkel ýaşyl ösüp
başlady.