Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz
tagalllasy esasynda medenýete we sungata uly üns berlip heýkeltaraşlyk sungaty
hem ösýär. Milli medeniýetimizi we sungatymyzy halk köpçüligine ýaýmak,
ýurdumyzyň we dost-doganlyk halklaryň heýkeltaraşlarynyň çeper döredijiligine
bolan höwesini artdyrmak, bu ugurda bilim alýan ýaşlaryň döredijilik ussatlaryny
ýokarlandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy we
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli
heýkeltaraşlaryň bäsleşigi geçirildi.
Eziz Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala
aşyrylýan özgerişleri mynasyp wasp etmek, milli medeniýetimizi we sungatymyzy
halk köpçüligine ýaýmak, ýurdumyzyň we dost-doganlyk halklaryň
heýkeltaraşlarynyň çeper döredijiligine bolan höwesini artdyrmak, bu ugurda bilim
alýan ýaşlaryň döredijilik ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda halypa we
ýaş heýkeltaraşlaryň döredijilik sergisi açyldy.
Sergide dünýä döwletlerinden gelen birnäçe ajaýyp heýkel eserleri bilen
birlikde halypa heýkeltaraşlaryň döredijilik sergisi bäsleşik esasynda gurnalýar. Bu
sergide halypa heýkeltaraşlar Gylyçmyrat Ýarmämmedow, Artyknazar Meredow,
Amanmuhammet Hydyrow, Abdymuhammet Oramadow, Eminjan Şaýmardanow
we birnäçe ýaş heýkeltaraşlaryň heýkel eserlerini synlamak bolýar. Her bir ýerine
ýetirilen işleri synlanyňda ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeler we asuda,
parahat Diýarymyzyň waspy beýan edilýär.
Parahatçylygy wasp edýän Patdyk Patdykowyň “Türkmenistan –
Bitaraplygyň mekany”, Artyknazar Meredowyň “Asudalyk”, Maksat Bazarowyň
“Parahatçylyk buýsanjy”, Ahmet Gurbangeldiýewiň “Parahatlyk buýsanjy” ýaly
heýkel taslamalarynyň çözgütlerinde Ýer şarynyň üstünde ak kepderileriň asuda
ganatlaryny ýaýyp uçmagy, agzybirligi, dost-doganlygy alamatlandyrýan şekiller

göwrüm taýdan hakykylyk bilen taraşlanyp, dürli materiallary arkaly ýerine
ýetirilipdir.
Aşgabat şäherinde geçirilen bu sergide ýeňijileriň heýkel eserlerini
synlamaga, Türkmenistanyň tanymal heýkeltaraşlaryň we ýaş talyplaryň döredijilik
ukyplaryna göz ýetirmäge aýdyň mümkinçilik döredip, mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşy almaga uly itergi berer.

Ýalkym TAGANOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Amaly-haşam sungaty fakultetiniň
Sungaty öwreniş kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby