Koronawirusa garşy «Sputnik Laýt» sanjymynyň ilkinji tapgyrlary raýat
ulanylyşyna goýberildi. Garaşylyşy ýaly, şu aýyň ahyryna çenli onuň 2,5 million
dozasy ulanyşa berler. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş
ministri Mihail Muraşkonyň sözlerine salgylanyp, belta.by habar berýär.
«Golaýda gözegçilik tapgyry tamamlandy we «Sputnik Laýtyň» ilkinji
tapgyrlary önümçilikden raýat ulanylyşyna çykdy. Biz iýunyň ahyryna çenli onuň
2,5 milliona golaý dozasyny goýbereris» diýip, ministr aýtdy.
«Sputnik Laýt» sanjymy gaýtadan kesellänlere hem-de ozal sanjym
edilenlere ulanmak üçin artykmaçlyk hökmünde peýdalanylar. Häzirki wagtda
Russiýanyň iri şäherlerinde täze ýokanç bilen kesellänleriň sanynyň
ýokarlanýandygy hasaba alynýar, şoňa görä-de, sanjymlaşdyrmanyň depginini
güýçlendirmek zerur. Adamlara näçe ir sanjym alsalar, şonça-da gowy
bolýandygyna düşünmek gerek. Sanjymlaşdyrma — munuň özi toparlaýyn
howpsuzlygyň şertidir diýip, Muraşko belleýär.