Alymlar 300 ýyl geçenden soň emeli aňyň kömegi bilen Rembrandtyň
esasy eserleriniň biri bolan «Gijeki sakçyny» dikeltmegi başardylar. Suraty
dolulygyna Amsterdamdaky «Reýksmuzeum» galereýasynda görmek mümkin
diýip, Reuters agentligi habar berýär.
mir24.tv-niň ýazmagyna görä, Rembrandt «Gijeki sakçy» eserini 1642-nji
ýylda tamamlapdyr, ýöne 1715-nji ýylda ony dört tarapyndan hem kesip,
Amsterdamyň şäher edarasynyň iki gapysynyň aralygynda ýerleşen ýaly edipdirler.
Emeli aň nusgasyny ulanyp, hünärmenler sungat eserine ýetmeýän sahnalary we
adamlary goşmagy başarypdyrlar. Alymlar meşhur suratkeşiň eserine meňzeş
etmek üçin suratyň meňzedilen görnüşini we nusgasyny ulandylar.
Sungaty öwrenijileriň sözlerine görä, sungat eseri doly görnüşe getirilenden
soň, onuň dinamikasy we adamlaryň suraty kabul edijiligi düýpgöter üýtgedi.
Eger-de ozal suratyň merkezinde esasy şekil kapitan Frans Bannink Kok bolan
bolsa, indi onuň ýeri merkezden üýtgedi. Indi sag tarapda deprekçi, çepinde bolsa
doly görünmeýän üç sany şekil peýda boldy. Bilermenler suratkeşiň bu şekilleri
eseriň merkezine has köp üns bermek üçin goşandygyny çaklaýarlar.
Suraty gaýtadan dikeltmek üçin hünärmenler ilki onuň meňzedilen görnüşini
synladylar, soňra bolsa ölçegini kesgitläp, surata düzedişleri girizdiler. Onuň üçin
ulanylan programma suratkeşiň stilini we reňklerini şöhlelendirdi. Restawratorlar
tehnologiýalaryň yzygiderli kämilleşýändigi bilen baglylykda, geljekde suratyň has
ýokary hilli görnüşini döredip boljakdygyny aýdýarlar.