26-njy iýundan başlap, Ispaniýanyň ýaşaýjylary köçelere örtüksiz çykyp bilerler. Şeýle
karary patyşalygyň hökümeti ýurtdaky epidemiologik ýagdaýyň gowulaşmagy we ilatyň täze
koronawirusa garşy sanjym derejesi bilen baglanyşykly kabul etdi diýip, TASS habar berýär.
Ministrler kabinetiniň kararyna laýyklykda, 1,5 m araçägi saklamak şerti bilen köçelerde
hökmany gorag örtügini dakynmak düzgüni ýatyrylýar. Bu düzgün bu araçägi saklaman
bilýän bile ýaşaýan adamlara degişli däldir. Düzgüniň gowşadylandygyna garamazdan,
ispanlar ýapyk jemgyýetçilik ýerlerinde, şeýle-de käbir ýagdaýlarda açyk howada geçirilýän
uly çärelerde örtük dakynmaly bolarlar. Mundan başga-da, örtük jemgyýetçilik ulaglarynda-
da hökmany bolup bolar. Çäreleri bozandygyň üçin jerime 100 ýewro ýetip biler.
Köçede örtügiň hökman dakylmagyny talap edýän çäre Ispaniýada bir ýyl töweregi hereket
etdi. Örtügi ähli ýerde we hemişe – dükanda, jemgyýetçilik ulaglarynda, köçede, seýilgähde,
hatda deňziň kenarynda ýeke gezelenç edeniňde hem dakynmak zerur boldy. Bu düzgün
diňe lukmançylyk görkezmeleri bolan adamlar, alty ýaşa çenli çagalar üçin, şeýle-de sport
bilen meşgullanmada hereket etmeýärdi.
Şol bir wagtyň özünde hökümetiň başlangyjy ispan jemgyýetinde gapma-garşylyklary ýüze
çykardy. Netijeleri “20 Minutos” gazeti tarapyndan neşir edilen jemgyýetçilik pikir
soraşmasyna görä, sorag edilenleriň 46%-i köçede örtügiň ulanylmagyny bes etmek pikirini
goldaýar. 42,5%-i bolsa bu karary wagtyndan öň diýip hasaplap, koronawirus bilen
kesellemek howpunyň heniz ýokarydygyny belleýärler.