Blue Origin kompaniýasynyň eýesi milliarder Jeff Bezos bilen bilelikde New
Shepard gämisinde kosmosa 82 ýaşly aýal uçar. Bu barada kompaniýanyň
metbugat relizinde habar berilýär diýip, TASS belleýär.
“Ömürboýy astronawt bolmak maksadyny amala aşyrmak bilen, Uelli Fank
20-nji iýulda ilkinji gezek borty adamly uçýan New Shepard gämisiniň hormatly
myhmany hökmünde kosmosa uçar” – diýlip, habarda aýdylýar. Ol Bezos, onuň
dogany Mark we auksionda 28 mln dollara petek alan ýene bir ady agzalmadyk
adam bilen bilelikde iberiler.
Metbugat relizinde Fankyň astronawt hökmünde durmuş ýolunyň 1960-njy
ýyllarda başlandygy aýdylýar. Şol wagtlar ol zenanlar üçin kosmos
maksatnamasynyň – kosmosa ibermek üçin zenanlary saýlap almak boýunça
hususy taslamanyň iň ýaş uçurymydy. Soňrak bu başlangyja gatnaşyjylaryň ählisi
zerur psihologiki we fiziologiki synaglardan üstünlikli geçdiler, ýöne uçuşa welin
iberilmediler.
Fank ABŞ-nyň Federal awiasiýa edarasynyň ilkinji zenan inspektory we Milli
ulag howpsuzlyk geňeşiniň awiasiýa howpsuzlygy ugrunda ilkinji zenan sülçi
bolupdy.
Blue Origin Fankyň haçan hem bolsa kosmosda bolan iň garry adam
boljakdygyny belledi.
Jeff Bezos bilen bilelikde kosmosa 82 ýaşly aýal uçar
