Slowakiýaly inžener Stefan Kleýniň uçýan awtomobili AirCar özüniň ilkinji
uçuşyny amala aşyrdy. Ol iki halkara howa menziliniň arasyndaky – Nitra
şäherinden Bratislawa çenli 80 km aralygy geçdi diýip, www.vesti.ru habar berýär.
Uçuş 35 minut dowam etdi. Şäherden şähere ýol boýunça gatnaw mundan 3
esse köp wagt alardy. Inženeriň bellemegine görä, awtomobil örän gowy hereket
etdi. Şeýle-de bolsa, Kleýn bu ulag serişdesiniň Slowakiýa we gür ilatly sebitler
üçin laýyk gelmeýändigini belledi. Ol uçýan awtomobillere ulag infrastrukturasy
pes bolan ýurtlaryň wekilleriniň gyzyklanma bildirmegine garaşýar.
Enjam awtomobilden uçara 2,15 minudyň içinde öwrülýär. Ol 2,5 müň metr
maksimal belentlikde sagatda 170 km tizlik bilen, takmynan, 1 müň km ýoly geçip
bilýär. Şeýle-de, ol 200 kg ýük göterijiligine eýe bolmak bilen, iki adamy
götermäge ukyplydyr. Awtomobil BMW hereketlendirijisi bilen işleýär we adaty
benzin ýangyjyny ulanýar.
Bu awtomobiliň Ýewropanyň awiahowpsuzlyk agentliginden halkara
şahadatnamany almaga taýýardygy bellenilýär.
Belläp geçsek, AirCar awtomobilini dörediji professor Kleýn şeýle taslamalar
bilen 20 ýyl bäri meşgullanýar we eýýäm birnäçe uçar awtomobilini döretdi. Kleýn
suwa gonar ýaly amfibiýa awtomobillerini hem bazara çykarmagy meýilleşdirýär.
Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetinin
Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam