Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «Täze Özbegistan»
uniwersitetini döretmek hakynda Permana gol çekdi. Onda fakultetleriň 5-si, şol
sanda inženerçilik işi we IT ugry boýunça bilim berler. Täze ýokary okuw
mekdebiniň okuw prosesi daşary ýurtlaryň bilim ojaklary bilen hyzmatdaşlykda
guralar. Bu barada gazeta.uz saýty habar berýär.
Ýurduň Prezidentiniň 23-nji iýundaky Permany esasynda Daşkentde «Täze
Özbegistan» uniwersiteti döredildi. Onuň prezentasiýasy bilen Şawkat Mirziýoýew
tanyşdy diýip, ýurduň Baştutanynyň metbugat gullugy habar berdi.
Daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň bilim maksatnamalary
esasynda ýokary hünär başarnykly hünärmenleri taýýarlamak, talyplaryň
intellektual endiklerini ösdürmek we onuň üçin hemmetaraplaýyn amatly gurşawy
döretmek meselesi uniwersitetiň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenildi.
Täze uniwersitetde okuw prosesi daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw
mekdepleri bilen hyzmatdaşlykda guralar we giriş synaglary Kembrij uniwersiteti
bilen bilelikde geçiriler. Onuň okuw maksatnamalarydyr meýilnamalary
Massaçusets tehnologiýa uniwersiteti hem-de Mýunhen tehniki uniwersiteti bilen
bilelikde işlenip düzüler. Şeýle hem bu ýokary okuw mekdepleri bilimiň hiline
gözegçilik etmäge, barlaghanalardyr kitaphanalaryň üstüni ýetirmäge ýardam eder.
Bu ýerde fakultetleriň bäşisi: inženerçilik işi, tebigy ylymlar, menejment,
agrotehnologiýa we maglumat tehnologiýalary (IT) hereket eder. Okuwlar döwlet
dilinde we iňlis dilinde, karz-modul ulgamy, grant we tölegli-şertnamalaýyn esasda
amala aşyrylar. Täze ýokary okuw mekdebi şu ýylyň sentýabryndan talyplary
kabul edip başlar. Täze okuw binasynyň gurluşygy tamamlanýança, okuwlar
wagtlaýynça Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň ulanylmaýan
binalarynda alnyp barlar.
Daşkentde «Täze Özbegistan» uniwersiteti döredildi
