Koronawirusa garşy doly sanjym alan daşary ýurtlular serhetde sanjym
alandygyny tassyklaýan şahadatnamany bermek şerti bilen PZR barlagsyz Müsüre
baryp bilerler. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş we ilat ministrligi habar berdi
diýip, rg.ru belleýär.
“Muňa Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we Müsüriň derman serişdeleri
edarasy tarapyndan tassyklanan sanjymlar girýär. Girişe iki komponentli sanjymyň
(Sputnik V, Pfizer, AstraZeneca, Moderna, Sinopharm, Sinovac) ikinji dozasyny
alanyňdan 14 gün soň ýa-da bir komponentli Johnson & Johnson sanjymynyň
birinji dozasyny alanyňdan 14 gün soň rugsat berilýär” – diýlip, edaranyň
beýannamasynda aýdylýar.
Şeýle-de, beýannamada şahadatnamalarda QR kodunyň we resmi edaranyň
möhüriniň bolmalydygy, hiç bir düzedişe, belliklere ýa-da goşmaçalara ýol
berilmeýändigi bellenilýär.
Müsüriň Saglygy goraýyş ministrligi täze düzgünleriň diňe koronawirusyň
mutasiýa geçiren ştamlarynyň bolmadyk ýurtlaryndan gelen syýahatçylara
degişlidigini anyklaşdyrýar. Ýolagçy Hindistandan, Bangladeşden, Päkistandan,
Butandan, Mýanmadan, Nepaldan, Wýetnamdan, Şri-Lankadan, Braziliýadan we
Latyn Amerikasynyň käbir ýurtlaryndan gelen ýagdaýynda, sanjym
şahadatnamasynyň bardygyna garamazdan, raýat koronawirus üçin barlag
tabşyrmalydyr.