Transmilli maýa goýum banky bolan Bank of America Corporation halkara
syýahata bolan islegiň ýokarlanmagy esasynda 2022-nji ýylda nebitiň bahasynyň
bir barrele 100 dollar bolup biljekdigini çaklaýar.
APA agentliginiň Bloomberg-e salgylanyp habar bermegine görä, bu çaklama
dünýäniň öňdebaryjy maliýe institutlarynyň we guramalarynyň arasynda iň ýokary
bolup durýar. Bankyň hasabatyna görä, nebitiň global sarp edilişi 2022-nji ýylda
hödürlemeden ýokary bolmagyny dowam etdirer, sebäbi COVID-19
pandemiýasyndan soň ykdysady dikeldiş ýangyjyň sarp edilmeginiň
ýokarlanmagyna we ekologiýa meseleleri sebäpli täze önümçilige maýa
goýumlaryň azalmagyna sebäp boldy diýip, Day.Az belleýär.
Şeýlelik bilen, eger-de nebitiň bahasy üç belgili bolsa, bu 2014-nji ýyldan bäri
iň ýokary görkeziji bolar. 2014-nji ýylda Demirgazyk Amerikadaky slanes nebitini
öndürijiler tarapyndan hödürleme düýpli ýokarlanandan soň, bahalaryň
arzanlandygyny we häzirem dikeldilmändigini belläp geçmek gerek.
Şol bir wagtyň özünde Bank of America nebitiň bahasynyň peselmek
ähtimallygyny hem aradan aýyrmaýar. Birinjiden, bazarda Eýranyň nebitiniň
peýda bolmagy 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda nebit bahasyna basyş edip biler.
Ikinjiden, koronawirus mutasiýalarynyň çaltlanmagy we sanjym işiniň
haýallamagy sebäpli, ähtimallyk saklanýar. Mundan başga-da, analitikler OPEK+
şertnamasynyň şertleriniň berjaý edilmezliginiň mümkindigini we munuň
bahalaryň häzirki ösüş traýektoriýasyny bozup biljekdigini bellediler.
Bank of America: Nebitiň bahasy 100 dollara ýetip biler
