Gonkongyň häkimiýetleri 2050-nji ýyla çenli uglerod dioksidiniň
zyňyndylaryny nol derejä çykarmagyň zerurlygyndan ugur alyp, bu ugurda işjeň
tagallalary alyp barýarlar. Bu barada ýerli administrasiýanyň ýolbaşçysy Kerri
Lam Singapur tarapyndan wirtual görnüşde guralan Bütindünýä şäherler
sammitiniň (World Cities Summit 2021) açylyşynda eden çykyşynda aýtdy
diýip, news.rambler.ru habar berýär.
“Bu ägirt uly maksat, ýöne biz oňa ýetmegi karar edindik” – diýip, ýerli
hökümetiň metbugat gullugy onuň sözlerini getirýär.
Lam soňky on ýylda Hytaýyň bu administratiw sebitiniň häkimiýetleriniň
energiýa çeşmeleri tarapyndan gaýtadan dikeldilýän energiýany tygşytlamak,
ekologiýa taýdan arassa ulaglary ulanmak boýunça dürli çäreleri durmuşa
geçirmek üçin 6 mlrd dollar bölüp berendigini belledi.
“Gonkong 2030-njy ýyla çenli uglerod zyňyndylaryny 2005-nji ýyldaky
derejesi bilen deňeşdirilende, 65-70% azaltmagy maksat edinýär. Biz emissiýany
2018-nji ýyla çenli 36% azaltmak bilen, bu maksada ýetmekde uly ösüş gazandyk”
– diýip, ol belledi.
Şeýle-de, Kerri Lam Gonkongda elektrik energiýasynyň önümçiliginde alty
ýylda 50%-den 25%-e çenli azalan kömrüň paýyndan mundan beýläk-de ýüz
öwrüljekdigini sözüniň üstüne goşdy.