Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Milli geografiki jemgyýeti, Antarktidanyň kenarlaryny ýuwup
geçýän, bäşinji ummanyň – Günorta ummanynyň resmi taýdan ykrar edilendigini habar berdi. Bu
karar alymlaryň köp ýyllap eden tagallalarynyň netijesidir.
Şeýlelik bilen, XXI asyrda – geografiki açyşlaryň döwri eýýäm geçmişde bolsa-da – dünýäniň kartasy
üýtgedi. Täze ummanyň meýdany 20,3 million inedördül kilometre barabardyr. Bu ABŞ-nyň,
takmynan, iki sebiti. Ol Demirgazyk buzly ummandan has uludyr.
Şeýlelik bilen, Günorta umman Ýuwaş ummandan, Atlantika we Hindi ummanyndan soň dünýäde
dördünji orunda durýar. Onuň orta çuňlugy 3270 metr, iň aşaky nokady bolsa 8264 metr, Günorta
Sandwiç çukurynda.
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.