Hytaýdaky magdançylara garşy çäklendiriji çäreleriň bolanlygy sebäpli,
Gazagystan bitkoin çykarma boýunça öňdäki üçlükleriň hataryna girdi. Kembrij
uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, ilkinji kriptowalýutany çykarmak üçin
energiýa öndürmekde gazagystanly magdançylarynyň paýy takmynan alty esse
ýokarlandy – 2019-njy ýylyň sentýabr aýyndan 1,4% , 2021-nji ýylyň aprelinde
8.2% -e çenli. Şol bir wagtyň özünde Hytaýyň paýy 75.5% -den 46% -e çenli
azaldy.
Kembrij uniwersitetiniň geçiren gözleginde ABŞ-nyň bitcoin gazyp
almakdaky paýynyň ep-esli ösendigi – 4,1% -den 16,8% -e çenli ýokarlanandygy
aýdylýar. ABŞ esasy kriptowalýutan önümçiliginde ikinji ýerde durýar.Bu
sanawda dördünji ýerde Russiýa, bäşinji ýerde bolsa Eýran durýar