34 ýaşly hüjümçiniň "Barselona" bilen baglanyşan şertnamasynyň möhleti
doldy. Hyzmatdaşlygyň uzaldylmagy baradaky myş-myşlara garamazdan taraplar
täze şertnamanyň gol çekilendigini resmi taýdan yglan etmediler.Messiniň gök-
gyzyllar bilen täze şertnama baglaşan ýagdaýynda, täze şertnama oýunçynyň
transferi diýilip hasaplanar.
Lionel Messi "Barselona"toparynyň ýetişdiren oýunçysy bolup durýar.
Argentinaly oýunçy kataloniýalylar üçin ilkinji oýnyny 2004-nji ýylyň oktýabr
aýynda oýnady. Messi, şu wagta çenli gök-gyzyllaryň toparynda Ispaniýanyň on
gezek çempiony boldy, ýedi gezek ýurduň kubogynyň we sekiz milli
superkubogynyň eýesi boldy. Şeýle hem argentinaly oýunçy"Barselona" toparyny
Çempionlar ligasynda dört ýeňşe alyp bardy, Ýewropa Superkubogynda we
Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynda üç gezek ýeňiş gazandyrdy.
Kataloniyalylaryň toparynda Messi, ähli ýaryşlarda 672 pökgini tora girizdi,
305 sany tora giren pökgüni geçirip, jemi 778 oýun oýnady.