Italiýaly fermerler Alberto we Juzeppe Rosso dünýädäki iň uly üljäni ösdürip
ýetişdirdiler diýip, La Republika habar berýär.
Üljäniň uly miweli sortyna degişli bolan "karmen" atly üljäniň agramy 33
gramdan gowrak.Ol Turiniň golaýyndaky fermanyň Peçetto-Torineze
komunasynda ösdürilip ýetişdirilidi. Rosso aýtmagyna görä, olaryň maşgalasy bir
asyrdan gowrak wagt bäri ülje ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar.
Doganlar, olaryň agaçlarynda hemişe örän uly üljeleriň ösýändigini, ýöne
soňky ýyllarda olaryň rekord ululyklara ýetendiklerini gürrüň berdiler.Muňa
garamazdan,Rosso ýaňy-ýakynda Ginnesiň rekordlar kitabyna resmi taýdan ýüz
tutmak kararyna geldi we degişli şahadatnama aldy.