COVID-19 bilen kesellän hassalaryň on göteriminde , keseliň ýokuşan
pursadyndan başlap, alty aýlap üsgülewük, dem gysmak ýaly dowamly kesel
alamatlary galýar diýip, Straits Times gazeti, Singapuryň ýokanç keseller milli
merkeziniň (NCID) geçiren gözlegine salgylanyp habar berýär.
Gözlegiň netijesinde, seýrek ýagdaýlarda hassalarda uzak wagtlap, hemişeki
ýadawlylyk, baş aýlanma we ukusyzlyk alamatlarynyň galýandygy öwrenildi.
Alymlar COVID-19 keseliniň esasan öýkene täsir edýändigine garamazdan,
ýürek-damar kesellerini döretmek howpynyň hem ýokarydygyny bellediler.
2020-nji ýylyň ýanwar aýynda başlanan bu barlaglara Döwlet saglyk
öýlerinden 288 sany hassa gatnaşdy.Olar keseliň ýokuşan pursadyndan başlap,alty
aýlap gözegçilik astynda boldylar.