Italiýaly suratkeş Leonardo da Winçiniň eli bilen çekilen aýy kellesiniň
garalamasy, Christie's auksionynda rekord baha 8,9 million ýewro (takmynan
12,2 million dollar) satyldy diýip, auksion öýi habar berýär.
Alyjynyň ady aýan edilmedi. Çaklama sekizden 12 million funt aralygynda
kesgitlenildi.
Leonardo da Winçiniň “Aýy kellesi” suraty auksionda 8,857,500 funt
sterlinge ýetip, bu suratkeşiň çeken suratynyň bahasy boýunça täze dünýä
rekordyny goýdy. Bu garalama Leonardo da Winçiniň grafika ussatlygynyň deňi-
taýy bolmadyk ajaýyp subutnamasy bolup durýar, "-diýilip auksion öýüniň
twiterindäki beýanda gürrüň berilýär.
Leonardo da Winçiniň garalamasy 12 million dollara satyldy
