Zepp Health kompaniýasy, gan basyşy ölçemegiň täze tehnologiýasyny
hödürledi. Ol Amazfit enjamlarynda, 2021-nji ýylyň dördünji çärýeginde peýda
bolar.
Zepp Health kompaniýasy, bu tehnologiýany ösdürmek üçin bäş ýyllap,
tehniki gözlegleri geçirdi. Netijede, päsgelçiliksiz PumpBeats ulgamy peýda boldy.
Bu ulgam akylly sagadyň optiki datçiklerini ulanyp, gan basyşy ölçýär. Ölçeýiş işi
30 sekunt dowam edýär. Netije gaty dogry çykýar: diasistoliki basyş üçin
nädogrulyk 5,14 mm Hg-dan az. sistolik 4,88 mm Hg-dan hem azyrak çykýar.
Mundan başga-da, Zepp Health kompaniýasy, Huangshan 2s – ykjam
enjamlary üçin üçünji nesil EI – çipini hödürledi. Ol hem Amazfit akylly sagatlara
gurnalar. Bu täze çipiň öndürijiligi ýokarlandyrylyp energiýa sarp edişi azaldypdyr.
Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetinin
Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam