Aşgabatda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary»
atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. Bu halkara forumyny
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurady. Ýöriteleşdirilen sergi şu ýyl
ýurdumyzda 20-nji oktýabrda ilkinji gezek bellenilýän Senagat işgärleriniň gününe
bagyşlandy.
Forumyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň
ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary,
daşary ýurtly hem-de ýerli işewürler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
wekilleri, Aşgabadyň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Söwda-senagat edarasynyň sergi binasynda pudaklaryň sergi bölümleri
ýerleşdirildi, şolarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda döwlet maksatnamalarynyň we innowasiýa taslamalaryň
çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudaklaryny görülip-eşidilmedik giň
gerimde döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak işleriniň
üstünliklere beslenýändigi barada gürrüň berilýär.
Şolaryň köp bölegi türkmen işewürligini ösdürmegiň ileri tutulýan
ugurlarynyň biri önümçiliklere tehnologiýa täzeliklerini ornaşdyrmagyň
binýadynda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän
senagat kärhanalarynyň döredilmegine degişlidir.
Sergide gaýtadan işleýän senagat pudaklarynyň himiýa hem-de dokma
senagaty, gaz we nebithimiýa, ulag, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi we azyk
senagaty ugurlarynyň ösüşi beýan edilýär. Ýurdumyzyň döwlet hem-de telekeçilik
düzümleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň sergi bölümlerinde bilelikdäki
taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikleri
açylyp görkezilýär.
Milli ykdysadyýetimiziň döwlet düzümleriniň we kärhanalarynyň bölümleri
daşary ýurtly myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi, şolarda innowasiýa
tehnologiýalary peýdalanmak arkaly dürli önümçiliklerde ýetilen sepgitler,
ýurdumyzyň alymlarynyň hem-de hünärmenleriniň täzeçil işläp taýýarlamalary
görkezilýär.
Ylmy maslahatyň çäklerinde daşary ýurtly işewür toparlarynyň wekilleri
türkmen hünärmenlerini gurluşyk, gurluşyk serişdeleriniň, enjamlaryň we
beýlekileriň önümçiligi boýunça ulgamda hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmak
boýunça teklipleri bilen tanyşdyrarlar.