Amerikaly dietolog-lukman Wikki Pitersen tomsuň yssy aýlarynda, esasy
iýmit hökmünde hemişe iýilmeli iň sagdyn iýmitleri sanap geçdi. Bu ýerde,
miwelere we ir-iýmişlere uly üns berildi.
Hünärmeniň sözlerine görä, çernika,böwürslen we malina iýýän adamlar
başgalara garanyňda howanyň has ýokary temperaturasynda-da saglygyň we
işjeňligiň güýjeýändigini duýýarlar diýip, Digital Journal ýazýar. Munuň sebäbi
olaryň düzüminde antioksidantlaryň köp bolmagydyr – beden öýjüklerini
zeperlerden goraýan maddalar bilen baglanyşyklydyr.
Şeýle hem, antioksidantlaryň gandaky şekeriň we insuliniň derejesiniň ajaýyp
"kadalaşdyryjysy" bolandygyny subut edildi.
Şol bir wagtyň özünde, Petersen yssy howada alma we banan iýmegiň
möhümdigini hem belläp geçdi. Bu önümleriň ikisi hem içege mikroflorasyna oňyn
täsir edýär.
Lukman yssyda iýmek üçin iň peýdaly miweleri atlandyrdy
