Beýik Britaniýanyň iýmitleniş we jemgyýetçilik saglygyny goraýyş
nutrisiolog lukmany Mariýa Kardakowa 40 ýaşdan uly erkekleriň nähili
iýmitlenmelidigi barada gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, bu ýaş kategoriýasyndaky erkekleriň gündeki iýmitleniş
düzgünine miwe we gök önümler girmeli. Şeýle hem, menýu düzülende erkekleriň
ýaşaýyş durmuşynyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmalydygyny aýtdy.
Lukman "Günde bäş porsiýa miwe we gök önüm iýmek arkaly ýürek-damar
keselleriniň töwekgelçiliginiň ep-esli azaldyp boljakdygyny"aýdýar.
Kardakowa ösümlik önümleriniň bişýän möwsüminde arzan satylýandygyna
ünsi çekdi, şonuň üçin gündeki iýmitleniş düzgünine her dürli gök önümlerden
salatlary, şeýle hem berhiz çorbasyny goşup bilersiňiz.