Sotheby's auksion öýi ilkinji gezek kriptowalýuta satyn alyp bolýan uly
brillianty satuwa çykardy. Bu barada vesti.ru habar berýär.
Armyt şekilli D reňkli topara girýän, agramy 101,38 karata deň bolan
brilliant «The Key 10138» adyny aldy. Ol 10 — 15 million dollar möçberinde
bahalandyrylýar. Söwdalar 9-njy iýulda Gonkongda adaty oflaýn görnüşde
geçiriler. Şondan öň ony Sotheby's auksionynyň galereýasynda ýerleşdirerler.
Söwdany hem adaty pul serişdelerinde, hem kriptowalýutada — Bitcoin ýa-da
Ethereum amala aşyryp bolýar. Auksionlaryň bütin taryhynda umumy agramy 100
karatdan gowrak bolan 10-a golaý brilliant görkezildi. Ýöne armyt görnüşli
gymmat bahaly daşy müşderileriň bary-ýogy ikisine satyn almak başartdy.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň maýynda britan suratkeşi Benksiniň bahasy
12,9 million dollardan gowrak bolan «Howadaky söýgi» atly eseri Nýu-Ýorkda
Sotheby's auksionynda ilkinji gezek kriptowalýuta satyldy.
Sotheby's auksionynda kriptowalýuta alyp bolýan brilliant görkezildi
