Russiýanyň iň güýçli adamy Elbrus Nigmatullin täze rekord goýdy. Ol
umumy agramy 1476 kilograma barabar bolan dikuçary göterdi diýip, “Goworit
Moskwa” özüniň Telegram-kanalynda habar berýär. Muny Ren-TV ýetirýär.
Radiostansiýasynyň maglumatlaryna görä, şeýle-de bu üstünlik dünýä
rekordydyr, ýöne ol heniz hasaba alynmady.
47 ýaşly türgen dikuçary götermek üçin birnäçe aýlap taýýarlandy. KHBS-iň
maglumatlary boýunça, dünýäde şeýle hereketi eden ýok. Rekordyň görkezilişi
sanitar-epidemiologiýa ýagdaýy sebäpli tomaşaçysyz geçirildi. Elbrusyň özi şeýle
etmek bilen Russiýanyň milli ýygyndysyny goldandygyny aýdýar.
Elbrus Nigmatullin – Russiýanyň güýç ekstrimi federasiýasynyň hormatly
prezidenti, birnäçe gezek “Russiýanyň iň güýçli adamy” titulynyň eýesi.
Täze rekord: Russiýanyň iň güýçli adamy dikuçary göterdi
