Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Senagat işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu baýramçylyk oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde — şu aýyň 20-sinde belleniler.
Hasabatyň çäklerinde 15 — 16-njy oktýabrda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergini hem-de ylmy maslahaty geçirmek boýunça taýýarlyk işleri barada habar berildi. Bu çärelere dünýä ýurtlarynyň birnäçesinden belli kompaniýalar gatnaşar.
Ulag-kommunikasiýa we senagat pudagynyň degişli ministrlikleri hem-de edaralary, ýurdumyzyň şereketleriniň we kompaniýalarynyň onlarçasy, hususy telekeçiligiň wekilleri öz mümkinçiliklerini, öndürýän önümlerini, hödürleýän hyzmatlaryny görkezer.
«Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti, şeýle hem ady agzalan pudaklaryň tapawutlanan işgärlerini çeken päk ýürekli we tutanýerli zähmetleri üçin sylaglamak dabarasy geçiriler.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara forumyň milli kommunikasiýa we senagat pudaklarynyň gazananlaryny hem-de ösüşini giňden görkezip, ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň hyzmatdaşlarynyň gatnaşyklaryny giňeltmek, bilelikdäki taslamalary has-da ilerletmek, bu ulgamda täze işleri peýdalanmakda işjeň tejribe alyşmak üçin binýada öwrülmelidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ähli meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyryp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.