Birleşen Arap Emirliklerinde Şarja arheologiýa bölüminiň Mleýha
şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda hünärmenler
bahasyna ýetip bolmajak hazyna tapdy. Ol b.e.öňki III asyra degişli
ýüzlerçe kümüş teňňelerden ybarat.
“The National News” -yň habaryna görä, miladydan öňki III asyra
degişli 409 kümüş teňňeler Mleýha şäheriniň taryhy ähmiýetine täze
öwüşgin çaýýar. Ol arheologlar tarapyndan şu ýylyň fewral aýynda
tapyldy. Indi ony Şarja arheologiýa bölümi tapyndylary resmi taýdan
yglan etdi.
Şarja arheologiýa bölüminiň baş müdiri Sabah Abud Jasim: “Bu
agyr (9 kg) küýzegär gap tapylanda, seýrek duş gelýän eserleriň
bolmagy ähtimal” diýdi. Şaýy pullaryň köpüsi döwre mahsus we giňden
ýaýran şekiller bilen bezelipdir. Şeýle-de bolsa, birnäçe teňňe gaty
seýrek duş gelýär. Hususan-da, hazynada Aleksandr Makedonskiniň we
grek taňrysy Zewsiň şekilleri bolan teňňeler bar.

Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
talyby.