Hepdäniň duşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hormatly Prezidentimize
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-
njy plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus
keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş
üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady
bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly
Kararnama seredilendigi barada hasabat berdi. 48 döwletiň awtordaşlyk
etmegindäki bu Kararnama biragyzdan kabul edildi. DIM-iň ýolbaşçysy
Türkmenistanyň Prezidentini daşary syýasy ýeňşi bilen gutlady.
Bu Kararnama Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2014, 2015 we 2017-nji
ýyllarda kabul edilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda özara hereketleri üpjün
etmek baradaky kararnamalaryň üstüni ýetirdi. Kararnamada görkezilen
ýörelgeleriň 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler
Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň
netijeleri boýunça başy başlanan ulag gatnaşyklarynyň toplumlaýyn ulgamyny
döretmek prosesi bilen utgaşýandygy bellenildi.

Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
talyby.