Perdýu uniwersitetiniň geçiren täze barlagynda telefony gijeki režime
geçirmek, telefonyň energiýa sarp edijiliginiň azalmagyna kömek etmeýändigi
anyklanyldy.
Barlagçylar synaglar üçin alty programmany ulandylar – Kalkulýator, Google
Kalendar, Google Kartalar, Google News, Google Phone we YouTube. Olar baha
bermek üçin Per-Frame OLED Power Profiler (PFOP) atly guraly ulandylar.
Alymlar gijeki režimiň, her programmanyň minut işjeňligine edýän täsirini Pixel 2,
Pixel 4, Pixel 5 we Moto Z3-de synlap gördüler.
Gözlegçiler adaty režimden, 30-50% ýagtylykda işleýän gijeki režime
geçmegiň, synag edilen ähli enjamlarda ortaça 3-den 9% energiýa
tygşytlaýandygyny anykladylar. Elbetde, eger-de doly ýagty ekrandan, gijeki
režime geçsek, onda energiýa tygşytlylyk has köp bolar – 47% -e çenli. Ýöne köp
ulanyjy şeýle hem 100% ýagtylygy ulanmazlygy saýlaýar.
BAŞ SAHYPA: Bilim we tehnologiýa Gijeki režim smartfon batareýasyny tygşytlamak üçin peýdasyz bolup çykdy
Gijeki režim smartfon batareýasyny tygşytlamak üçin peýdasyz bolup çykdy
