ABŞ-nyň patent we söwda belligi bölümi uly çeýe displeýli ykjam telefonlar
üçin Samsung kompaniýasyna iki patent berdi. Azyndan, olaryň biri planşet bolar.
Muňa «Tablet computer» diýip atlandyrylan resminamalaryň biri şaýatlyk
edýär. Bu patende, iç tarapyna eplenýän ekranly, planşet kompýuterini
suratlandyrylýar. Şeýle hem, resminamalardan USB Type-C we ş.m. birikdirijileriň
boljakdygy aýdyňdyr.
Ikinji patent «Foldable mobile phone with transitional graphical user
interface»("Aralyk grafiki ulanyjy interfeýsi bolan eplenýän ykjam telefon") diýip
atlandyrylýar. Görnüşe görä bu kitap görnüşindäki smartfon bolar. Suratlar seredip,
çeýe ekranyň ýokarky sag burçunda öň tarap üçin kesişiň bardygyny görmek
bolýar. Korpusyny daş ýüzünde üstünde ýene-de bir kamera goýlan, goşmaça
ekran bar, esasy yzky kamera üç moduldan ybarat.
Samsung kompaniýasynyň şeýle enjamlary bazara çykarjakdygy ýa-da
ýokdugy entek belli däl.
Türkmenistanyn Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetinin
Fizika fakultetinin talyby: Babajanow Rustam