Kubanlly aşpez Wladimir Zemlýanow 1101 litr kelem çorbasyny bişirdi we
Russiýanyň Rekordlar kitabyna girdi. Bu barada Krasnodar sebit dolandyryş
gullugynyň metbugat gullugy habar berdi.
Kubanly aşpezler topary bu tagamy taýýarlamak üçin 80 kg ýerli sogan we
käşir, 120 kg kartoşka, 100 kg et, 100 kg täze kelem, 80 kg şugundur, 25 kg
pomidor, 50 kg pomidor pastasy, 20 kg bulgar burç we 5 kg gök sarp etdi.
Aşpez Wladimir Zemlýanow: "Men Krasnodar sebitiniň ýerli ýaşaýjysy
hökmünde, Kubanda iň amatly kelemli çorba görnüşleriniň bardygyny, doly ynam
bilen aýdyp bilerin"- diýip, gürrüň berdi.
Onuň elleri bilen taýýarlanan Kubanyň milli tagamy Russiýanyň Rekordlar
kitabyna girizildi. Aşpez geljekde öz rekordyny täzelemäge synanyşjakdygyny
aýtdy.