Demirgazyk Afrikada we Günbatar Aziýada ösýän Nigella sativa (ekilýän çernuşka) geljekde COVID-19 bejergisinde ulanylyp biliner diýip, awstraliýaly alymlar topary gürrüň berýär. Bu makala, Clinical and Experimental Pharmacology and Physiology žurnalynda çap edildi. Bu makalada Nigella sativa ösümlüginde koronawirusyň S-belogy bilen baglanyşyp bilýän timohinon bardygy we onuň öýken ýokançlygynyň ösmeginiň öňüni alyp bilýändigi aýdylýar. Mundan başga-da, timokinon sitokin päsgelçilikleriniň ösmeginiň öňüni alýar – käbir COVID-19 hassalarynda, immun ulgamy özüne garşy işläp başlanda ýüze çykýan ýagdaý. Alymlar ösümligiň başga keseller üçin hem peýdaly bolup biljekdigini bellediler. Ol gipertoniýa, holestiriniň ýokarlanmagy we süýji keselkerine kömek edýär, mundan başgada demgysma, ekzema, osteoartrit, allergiki rinit bejergisinde hem ulanylyp bilner.
BAŞ SAHYPA: Saglyk Awstraliýaly alymlar COVID-19 bilen keselläne kömek edip biljek ösümligi aýtdylar
Awstraliýaly alymlar COVID-19 bilen keselläne kömek edip biljek ösümligi aýtdylar

RU












