Amerikan aýdymçysy Rihanna hökmünde bütin dünýäde tanalýan Robin
Rihanna Fenty resmi taýdan milliarder boldy, Forbesiň habaryna görä häzirki
wagtda onuň baýlygy 1,7 milliard dollar ýetýär.
Maglumatlara görä, häzirki baýlygynyň köpüsini (takmynan 1,4 milliard
dollar) 2017-nji ýylda özüniň döreden meşhur Fenty Beauty kosmetika
kompaniýasynyň üsti bilen gazandy. Kapitalyň galan bölegi aýdymçy we
aktrisanyň meşhurlygy esasynda gazanan girdeýjisi bolup durýar.
Sosial ulgamlardaky mahabatyň kosmetika kompaniýasynyň markasyny
tanatmakda möhüm rol oýnandygy bellendi (Rihananyň Instagram-da 101 million,
Twitter-de 102,5 million synçylary bar).