Iýul aýynyň ortalarynda Captain Joe and Sons kompaniýasynda işleýän
balykçy Toby Bernhem, Massaçusets ştatynyň Gloster kenaryndaky Enn burnunda
özboluşly gök leňňeç tutdy.
Adaty bolmadyk leňňejiň her tarapyndan surata düşürilendigi we yzyna
deňize goýberilendigi habar berilýär. Bernhemyň sözlerine görä, ol şeýle adaty
bolmadyk leňňeji ömründe ilkinji gezek görüpdir we şonuň üçin beýle üýtgeşik
jandary iýip bilmejekdigine karar berdi.
Seýrek leňňeçiň suratlary Captain Joe and Sons kompaniýasynyň Facebook
sahypasynda ýerleşdirildi. Teswirlerde ulanyjylar, balykçylary, özboluşly deňiz
ýaşaýjysyny yzyna goýberendikleri üçin öwgülerini ýetirdiler.
Alymlaryň pikiriçe, leňňeçleriň adaty bolmadyk gök reňki genetiki näsazlyk
bilen baglanyşyklydyr, netijede beta-krastasýanin belogy gabygyň bedeninde
öndürilip, reňk üýtgemegine sebäp bolýar.
ABŞ-da ýaşaýan balykçy özboluşly gök leňňeç tutdy
