Çilidäki Serro-Tololo Amerikanara obserwatoriýasynyň astronomlary ýyldyz
yzlarynyň täsirli suratyny paýlaşdylar, ol suraty kadrda tötänleýin düşen adamyň
bolmagy hem zaýalap bilmedi.
Ýyldyz yzlary – bu, ýyldyzly asmanyň örän haýal tizlikde surata düşürilip we
şol suratdaky şekilde görünýän çyzyklardyr. Bu usul diňe bir çeperçilik üçin
bolman, eýsem okuw maksatnamalarynda Ýeriň aýlanşyny surat bilen üpjün etmek
üçin ulanylýar.
Astronomlaryň kamerany gurup gerekli netijä garaşýan pursatlarynda, hiç
zatdan habarsyz obserwatorýanyň işgäri gijeki gözegçilige çykdy. Netijede, onuň
maňlaýa dakylýan fonary suratda ýene iki sany ýyldyz yzlaryna meňzeş çyzyk
galdyrdy.
Ýöne obserwatorýanyň işgärleri muňa asla gaharlanmadylar, sebäbi bu suraty
hasam gyzykly etdi.