SpaceX, Starship gaýtadan ulanylýan uçuryş ulgamynyň gurluşygynda
möhüm sepgit gazandy. Starship kosmos gämisi aşa agyr tizlendirijiniň prototipine
goýuldy. Bu tizleşdiriji, öz gezeginde, 29 Raptor raketa hereketlendirijisiniň doly
toplumy bilen üpjün edilen. Starship-de alty dwigatel bar.
Bu ýygnalan konstruksiýa, häzirlikçe, taryhda gurlan iň beýik raketa bolup
durýar. Beýikligi takmynan 119 metr. Raketanyň duran orbital uçuş meýdançasy
bilen bilelikde beýikligi 145 metre deňdir. Bu Heops Piramidasyndan has beýikdir
Raketa bu görnüşde uzak durmaz. Indiki ädim ulgamyň iki ýarysynyň
bölünmegi bolup biler. Bularyň ikisiniň hem üstünde goşmaça işleniler we
synagdan geçiriler. Raketanyň ilkinji gezek haçan uçuryljakdygy entek belli däl.
SpaceX-iň 2021-nji ýylyň ahyryna çenli uçurmagy maksat edinýändigi barada
maglumatlar bar.