Pekiniň halkara kinofestiwalynyň guramaçylary Hytaýyň köp sebitinde
koronawirus ýokançlygynyň täzeden ýaýramagy sebäpli yza süýşürildi diýip,
festiwalyň resmi WeChat akkauntynda aýdylýar.
"Soňky wagtlarda ýurduň köp ýerinde keseliň ýaýramagynyň ýene-de ýüze
çykandygy sebäpli, ähliumumy howpsuzlygy we saglygy goramak maksady bilen,
ilkibaşda 14-21-nji awgust aralygynda meýilleşdirilýän 11-nji Pekin halkara
kinofestiwaly yza süýşüriler, "-diýip, hasabatda ýazylýar.
Guramaçylar çäräniň näçe wagt yza süýşürilendigini entek aýtmadylar.
Pekiniň halkara kinofestiwaly 2011-nji ýyldan bäri her ýyl Pekin
hökümetiniň, Hytaý media toparynyň(China Media Group), Pekin şäher
kinematografiýa gullugynyň we başga-da birnäçe guramanyň goldamaklary bilen
geçirilýär.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Pekin kinofestiwaly Hytaýda COVID-19 keseliniň täzeden ýaýramagy sebäpli yza süýşürildi
Pekin kinofestiwaly Hytaýda COVID-19 keseliniň täzeden ýaýramagy sebäpli yza süýşürildi
